Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine

Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk baýramçylygynyň çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmelidigini aýtdy

Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň milli baýramy — Ynkylap güni bilen gutlady

Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkiany Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

Türkmen wekiliýeti Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Şu ýyl Türkmenistanda döwrebap obalar we şäherçeler, täze desgalar açylar

Wise-premýer B.Annamämmedow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryňdyr desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurt boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamalaryna, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklary dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde, şu ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi.

Şu ýyl ýurduň dürli künjeklerinde binalaryňdyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap obalar we şäherçeler bar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde, ýurduň welaýatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda gurulýan iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalary hem-de desgalary açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurtda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi we wise-premýere şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň öz wagtynda, talabalaýyk gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.