Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine

Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk baýramçylygynyň çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmelidigini aýtdy

Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň milli baýramy — Ynkylap güni bilen gutlady

Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkiany Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

Türkmen wekiliýeti Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine degişli inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de degişli inžener ulgamlaryny, desgalaryny, içerki we daşarky eltiji elektrik, gaz hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.