Şu ýyl Türkmenistanda döwrebap obalar we şäherçeler, täze desgalar açylar

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmäge taýýarlyk görüp başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2024-nji ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze sepgitlere ýetdi – Bektenow

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Moskwada GDA-nyň çäginde ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

12-nji dekabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki guramalarynda Türkmenistanyň hemişelik doly ygtyýarly wekili N.Şagulyýew gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, hökümet Baştutanlary GDA-nyň çäklerindäki häzirki ykdysady gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar halkara ulag-logistika toplumyny özgertmek, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taýýarlanylan resminamanyň taslamasy boýunça pikir alyşdylar. Resminama bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, ilkinji nobatda, sanly ulag infrastrukturasynyň mümkinçiliklerinden deň şertlerde peýdalanmakda uly mümkinçilikleri döredýär.

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň agzalary raýat gämi gurluşygyny ösdürmek we gämi böleklerini öndürmek boýunça ozal ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, täze ugurlar boýunça bilelikde iş alyp barmak bilen bagly resminama hem gol çekdiler.

GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki guramalarynda Türkmenistanyň hemişelik doly ygtyýarly wekili, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler boýunça Aşgabadyň ileri tutýan garaýyşlary, şeýle-de gol çekilen ylalaşklar boýunça bar bolan mümkinçilikleri barada belläp geçdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2025-2026-njy ýyllar üçin ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamynda ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasyny kabul etdiler. Resminama 200-den gowrak çäräni öz içine alýan 10 bölümden ybaratdyr.