Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şu günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyz bu döredijilikli ýola yzygiderli eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şu gün Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdylar.

Ýurdumyz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli, öňdengörüjilikli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi aýrylmaz şert bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Abraýly halkara bilermenler tarapyndan tassyklanan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda kepillikli eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan anyk teklipleri öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalary, maliýe düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýup, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli dialogy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär. TOPH taslamasynyň gurluşygy bilen bir hatarda, döwletimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýol infrastrukturasy boýunça taslamalaryň ähmiýetini bellemek gerek. Goňşy Owganystanyň parahatçylykly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bu taslamalar tutuş sebitiň durnukly ösüşine, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hem-de mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan duşuşygynyň bolandygyny nygtamak gerek. Gepleşikleriň jemleri boýunça energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhet nokadyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Birnäçe wagtdan bu ýere Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund hem geldi. Asylly däbe görä, owgan myhmanyna duz-çörek hödür edildi. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň we Molla Mohammad Hasan Ahundyň duşuşygy boldy.

Goňşy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy hoşniýetli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şu günki taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Owganystanyň iň ýakyn goňşy döwleti bolmak bilen, ýurduň syýasy-ykdysady durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin halkara tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär hem-de yzygiderli kömek-goldawlaryny berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bu ugurda alyp barýan asylly işleri üçin hoşallyk beýan edildi.

Myhman owgan we türkmen halklarynyň gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini, onuň häzirki döwürde many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsiniň açylmagynyň, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine girişilmeginiň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Sanabar aralygynda demir ýoluň gurluşygyna başlanylmagynyň, Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyny gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklary özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine daýanýar. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynda, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki işe girizilýän hem-de düýbi tutulýan desgalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypany açýandygyny aýtdy.

Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orun eýeleýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe iki ýurduň halklarynyň bähbidine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletlerdir halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant bolar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara giňişlikde hem Owganystana mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ykdysady, syýasy-diplomatik goldaw bermegi maksat edinýändigi bellenildi. Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň alyp barýan halkara ugrunyň esasyny düzýär. Ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, köpugurly hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär.

Ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund birek-birege jan saglyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar. Bu desgalar asyrlaryň dowamynda kemala gelen, häzirki taryhy döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýän türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okaýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara hem-de ähli ildeşlerimize ýüzlendi.

Biz bu gün goňşy we sebit döwletleriniň halkyna hyzmat etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga bermek dabaralaryna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlap, türkmen halkynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden ugur alyp, bu gün türkmen-owgan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, şeýle giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamalary goldandygy we olary amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu günki desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralarynyň başlanýandygyny yglan etdi.

Dabaralara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny bellemek gerek. Onlaýn görnüşde ýaýlyma goýberilmegi bilen, paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumyna, milli ykdysadyýetimize ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata we ugurdaş sergilere gatnaşyjylar hem oňa göni ýaýlymda tomaşa etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradowa söz berdi.

Agentligiň ýolbaşçysy sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanymyza Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde gurlan uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsini işe girizmäge ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi. Şeýle hem dabara Owganystanyň ugurdaş düzüminiň wekili gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolan täze infrastruktura desgasynyň açylyşyna ak pata berdi.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda köpri işe girizilýär we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy ýurduň doganlyk halky üçin niýetlenen ynsanperwerlik ýüki ýüklenen demir ýol kerweni Owganystana tarap ugur aldy.

Transkontinental ýollaryň strategik çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini, logistika merkezlerini döretmek, täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ugurdaş infrastrukturany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze köpriniň gurulmagy bu ugurda nobatdaky ädimdir. Köpri türkmen hünärmenleri tarapyndan ýokary halkara standartlara laýyklykda guruldy. Onuň gurluşygynda öňdebaryjy konstruktorçylyk we tehnologik çözgütler ulanyldy. Bu desganyň işe girizilmegi iki dostlukly ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy, sebitdäki ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Soňra dabaralar “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, 30-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu desganyň taslamasyny düzmek we gurmak, ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek hem-de işe girizmek işleri “Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” kompaniýasyna ynanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Mary welaýatynda düýbi tutulýan «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewe söz berýär. Dabara “Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” kompaniýasynyň wekili hem gatnaşdy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysynyň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynda gurluşyk işlerine başlamaga ak pata berýär. Täze infrastruktura desgasynyň binýadyna turba arkaly ilkinji beton garyndysy guýulýar.

Soňra “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär. Bu desganyň gurulmagy ýurdumyzyň tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Bu gaz gysyjy beketde dünýä belli “General Electric” we “Dresser Rand” kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylar. “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna mawy ýangyç “Galkynyş”, “Döwletabat”, “Ýaşlar” gaz känlerinden getiriler. Täze gaz gysyjy desganyň geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre deň bolar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “TAPI Pipeline Сompany Limited” paýdarlar kompaniýasynyň baş direktory M.Amanowa söz berýär. Dabara Owganystanyň degişli düzüminiň wekili hem gatnaşdy.

“TAPI Pipeline Сompany Limited” kompaniýasynyň baş direktory döwlet Baştutanymyza Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlenýär.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda gurluşyk işlerine başlamaga ak pata berýär. Şol pursatda ýörite awtomatlaşdyrylan enjamyň kömegi bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň turbasynyň ilkinji sepi kebşirlenýär. Bu görnüşler sanly ulgam arkaly göni ýaýlyma berilýär.

Soňra şu günki waka we umuman, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetine bagyşlanan wideoşekiller görkezilýär. Bu giň möçberli taslamanyň ykdysady ähmiýeti bilen birlikde, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyk döredijilik ähmiýeti hem bardyr. Arkadagyň ak ýoly ugry Türkmenistandan Owganystanyň Hyrat welaýatyna çenli uzaýar. Özünde möhüm infrastruktura taslamalaryny jemleýän transmilli gaz geçiriji hem möhüm durmuş meselelerini çözmegiň wajyp şerti bolup çykyş edýär.

Häzirki döwürde maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň ösdürilmegi depginli durmuş-ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan goňşy Owganystan bilen aragatnaşyk babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem uly üns berýär. Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we geljekde beýleki ýurtlara çekiljek optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem wajyp taslamalaryň biri bolup durýar.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewe söz berýär. Agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlenýär. Dabara Owganystanyň ugurdaş edarasynyň wekili hem gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu desgada gurluşyk işlerine başlamaga ak pata berýär. Şol pursatda kabel düşeýji ýörite tehnika optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini topraga düşäp başlaýar. Optiki-süýümli aragatnaşygyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan wideoşekil görkezilýär.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradowa ýene-de söz berýär. Dabara Owganystanyň ugurdaş edarasynyň wekili hem gatnaşdy.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine ak pata berýär. Şol pursatda beton garyndysy turba arkaly geljekki ammarlar toplumynyň binýadyna guýlup başlaýar. Dabara gatnaşyjylara täze ugurdaş desga baradaky wideoşekiller görkezilýär.

Ulag ulgamy milli, sebit we dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönüden-göni täsir edýär. “Gury port” ulag-logistika düzüminiň möhüm desgasy bolup, deňiz porty bilen guryýer gatnawy arkaly baglanyşýan içerki terminaldyr. Ol içerki ugurlarda ýükleri saklamak we ibermek üçin merkeziň wezipesini ýerine ýetirýär.

Soňra “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy döwlet Baştutanymyza Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen demir ýoluň gurluşyk işlerine badalga berilýär. Ýörite tehnika ilkinji rels-şpal gözenegini demir ýol düşegine gurnap başlaýar. Soňra ulag ulgamynda we ykdysadyýetde demir ýol ulagynyň möhüm ornuna bagyşlanan wideoşekiller görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyz elektroenergetika babatda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygyny belläp, sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň energetika ministri A.Saparowa söz berýär. Ministr hormatly Prezidentimize “Serhetabat” elektrik bekedinden Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky “Nur-el-Jahad” täze elektrik bekedine elektrik energiýasynyň iberilip başlanmagyna ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlenýär. Dabara “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we owgan tarapyndan degişli düzümiň wekili hem gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz elektrik energiýasyny iberip başlamaga ak pata berýär. Elektrik energiýasy “Serhetabat” elektrik bekedinden “Nur-el-Jahad” elektrik bekedine iberilip başlanýar. Bu pursat animasion şekiller arkaly görkezilýär.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu taslama türkmen elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ony Owganystana hem-de Pakistana ibermek bilen birlikde, Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna üstaşyr geçirmek mümkinçiligi hem açylýar. Şu günki waka Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurda iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Dabaralar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy ähmiýete eýe bolan iri taslamalara badalga berilmegi hem-de desgalaryň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahunda söz berilýär.

Goňşy döwletiň wekili dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hemmeleri, şeýle hem Owganystanyň we Türkmenistanyň halklaryny bu taryhy wakalar bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň aýdyň nyşany bolan we umumy bähbitlere gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunda TOPH taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişilmeginiň möhümdigi bellenildi. Bu taslama diňe bir gatnaşyjy ýurtlara däl, eýsem, sebitdäki ähli döwletlere hem oňyn täsirini ýetirer.

Hasan Ahundyň nygtaýşy ýaly, bu taslamalar türkmen-owgan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyryp, iki ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge, durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek meselelerini çözmäge hyzmat eder. Goňşy döwletiň wekili taslamalary doly durmuşa geçirmek, hususan-da, TOPH gaz geçirijisini Pakistana we Hindistana ýetirmek üçin owgan tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. Owganystanyň degişli ýolbaşçylaryna bu wezipä ýokary jogapkärçilikli çemeleşip, degişli işleri geçirmek tabşyrylar. Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy Owganystanyň bu işleri tiz wagtda tamamlamaga hem-de beýleki iri taslamalary amala aşyrmaga ygrarlydygyny nygtap, hemmelere berk jan saglyk we üstünlik arzuw etdi.

Soňra dabara gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýüzlendi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys. Iri ýedi taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Mary welaýatynyň çäginde «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga berilýär. Şeýle hem Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň we “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine başlanýar. Mundan başga-da, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsi ulanmaga berilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedi işe girizilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy hemmeleri bu şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen-owgan gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy kökleriniň bardygyny, hemme döwürlerde-de özara hormat, mertebe, deňhukuklylyk, deňagramlylyk, dost-doganlyk nyşanynyň şu güne çenli dowam edip gelýändigini, bu gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýandygyny belledi. Özara hyzmatdaşlyk bilelikdäki giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary desgalarynyň döredilmeginde, täze ulag, kommunikasiýa, energetika ugurlarynyň kemala getirilmeginde öz beýanyny tapýar.

Biz Owganystan bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürýäris. Bu iri möçberli we geljegi uly taslamalar bolsa türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze taryhy sahypany açýar. Owgan doganlarymyzy we hyzmatdaşlarymyzy Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara giňişlikde hem Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady, syýasy-diplomatik goldawy mundan beýläk-de berjekdigine ynandyrmak isleýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, türkmen we owgan taraplarynyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri durmuşa geçirilýän täze taslamalar barada aýdyp, olaryň diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklary üçin däl, eýsem, sebit üçinem, dünýä üçinem ähmiýetli taslamalar boljakdygyna berk ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, uly ähmiýetli bu desgalaryň düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi Owganystanyň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berer, senagat, durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň netijeli işlemegine ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, hasaplamalara görä, bu taslamalar amala aşyrylanda, owgan halky üçin iň azyndan 12 müňden gowrak iş ornunyň dörejekdigini, her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdäniň gelip gowuşjakdygyny, munuň bolsa diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem, sebite hem öz oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi. Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir. Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine, abadançylygyna gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da, biziň maksatlarymyz ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmekden ugur alýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we goňşularymyza bilelikde bu taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täze desgalaryň ulanmaga berilmegi we birnäçe desgalaryň gurluşygyna ak pata berilmegi bilen, Türkmenistanyň hem Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek üçin täze şertler döreýär. Bu taslamalaryň ykdysady, senagat, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem örän möhüm ähmiýeti bardyr. Olar Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän giň, çalt depginler bilen ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlarydyr hyzmatlary çykarmaga, logistika mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam berýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Bu işleriň ählisi, öz nobatynda, sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine goşant goşýar. Owgan ugrunda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertler döreýär. Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin strategiýasyna doly laýyk gelýär. Munuň özi Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň, olara ýanaşyk ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge niýetlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň alyp barýan halkara ugrunyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär. Ulag, energetika ulgamlarynda tekliplerimize dünýäde barha uly üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren Kararnamalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu gün biz şol başlangyçlaryň we teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Biziň uly ýoluň — täze taryhy tapgyryň başynda durandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin. Biz geljekde-de iki doganlyk ýurt we halk üçin hem, beýleki döwletler üçin hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýene-de köp sanly täze taslamalary amala aşyrarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri şu günki şanly wakalar bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, dabara gatnaşýan goňşularymyza, doganlarymyza, wekiliýet agzalaryna, aýratyn-da, ýolbaşçylaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan minnetdarlyk bildirdi we hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täze desgalaryň işe girizilmegi, düýbüniň tutulmagy hem gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Şeýlelikde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň wakalara baý bolan bu güni Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynda täze sahypany açdy hem-de özara bähbitli döwletara, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyry alamatlandyrdy.