Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan we Gazagystan strategik hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, dürli ulgamlarda, şol sanda sport ugry boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna bar bolan mümkinçilikleri doly derejede işe girizmäge taýýardyklaryny görkezýärler. Häzirki wagtda sport ulgamy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň netijeli başlangyçlary bu syýasatda mynasyp dowam etdirilýär. Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň beýik ynsanperwer taglymlaryna ygrarly bolmak bilen, bu ulgamda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet we halkara ähmiýetli iri sport taslamalaryna badalga bermek bilen, sporty milli taglymata, işjeň diplomatik gurala öwrendigini bellemek gerek. Bu ulgamda 60-dan gowrak döwlet bilen ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy hem munuň anyk mysalydyr. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk meseleleri ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça kabul edilýän jarnamalarda we ähtnamalarda, bilelikdäki hökümetara toparlaryň resminamalarynda-da öz mynasyp beýanyny tapýar. Sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde ägirt uly üns berilmegi esasynda Türkmenistan diňe bir iri halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrülýär. Ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlary, hokkeý boýunça halkara ýaryş munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň anyk görkezijisidir. Bularyň ählisi Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hem-de dünýä derejeli sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabadyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göterdi.

...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Howa menzilinden hormatly Arkadagymyzyň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini we ony has-da ösdürmäge çalşylýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşmak, deňhukuklylyk, milli bähbitleri özara nazara almak bilen ýola goýulýan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Doganlyk ýurduň Baştutany Astanada geçirilýän uly sport baýramçylygyna — Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen öz ýurdy üçin şeýle möhüm günde duşuşmaga şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagyň Gazagystana sapary häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän we strategik hyzmatdaşlyk derejesine doly laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmekde uly ähmiýete eýedir.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandyny belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar munuň güwäsidir diýip, Gazagystanyň Baştutany aýtdy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Astana amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini belläp, onuň netijelerine ýokary baha berdi.

Gahryman Arkadagymyz mähirli kabul edilendigi hem-de Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýakyn goňşy ýurt bolan Gazagystana ýene-de bir gezek gelip görmegiň hem-de doganlyk ýurtda geçirilýän çäreleriň hormatly myhmany bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy Astananyň iri halkara çäreleri guramakda ähmiýetli ornuny belledi. Bu çäreler ýurduň dünýä giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy öz adyndan hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan Gazagystanyň halkyny ýurduň şeýle wekilçilikli sport forumyny geçirmek hormatyna mynasyp bolmagy bilen gutlady we Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegini, bäsleşiklere gatnaşyjylara bolsa uly üstünlikleri arzuw etdi. “Goý, bu sport baýramy halklaryň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň dabaralanmasyna öwrülsin!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Häzirki zaman dünýäsinde sport ählumumy parahatçylygyň berkidilmeginiň, halklaryň we döwletleriň arasynda dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň çarwa taýpalaryň medeni aýratynlyklarynyň saklanyp galmagyna, gaýtadan dikeldilmegine ýardam berýändigini, dürli ýurtlaryň wekilleriniň gadymy däp-dessurlar bilen tanyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Biziň halklarymyza mahsus milli öwüşginler çaýylan bu oýunlara, esasan, ýaşlaryň gatnaşýandygy bizi buýsandyrýar. Ondan başga-da, bu ýaryşlar ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm orny eýeleýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şunda bu bäsleşiklere sebitiň dürli ýurtlarynyň türgenleri bilen bir hatarda, ilkinji oýunlardan bäri türkmen türgenleriniň hem gatnaşýandygy we baýrakly orunlary eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylmagynyň öňüsyrasynda, has anygy, 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Munuň özi biziň ählimiz üçin goşa baýramçylykdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri bu resminamanyň BMG-niň çäklerinde sport diplomatiýasyny amala aşyrmak üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine gönükdirilendigini belledi. Gahryman Arkadagymyz möhüm resminamanyň kabul edilmegi bilen doganlyk ýurduň Baştutanyny gutlap, bu meselede goldaw berendigi hem-de awtordaşlygy üçin gazak tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzy BMG-niň Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady.

Özara ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýokary derejesine ýetildi. “Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biziň ýurtlarymyz deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara goldaw esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, taraplar kanagatlanma bilen bellediler we gatnaşyklaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Söwda, nebitgaz toplumy, oba hojalygy, energetika we beýleki pudaklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Söhbetdeşleriň pikirine görä, açyk we yzygiderli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bellenilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny goldamaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Hökümetara toparyň hem-de işewürlik geňeşiniň alyp barýan netijeli işlerine, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmelerdir duşuşyklara hem üns çekildi. Şeýle-de ýurtlarymyzyň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Gazagystanda guralýan ykdysady ugurly iri forumlara gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga, geljegi uly meýilnamalary, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ugurlary kesgitlemäge gönüden-göni ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýakynda Aşgabatda maýa goýum forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, oňa köp ýurtlaryň wekilleriniň, şol sanda Gazagystanyň hem wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgam dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine, özara düşünişilmegine esaslanýandygy bellenildi. Astanada beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy hem-de Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda Gazagystanyň meşhur döredijilik işgärleriniň biri Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylmagy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birinde — Astana köçesinde meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň oturdyljakdygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen-gazak dostluk gatnaşyklary barada aýdyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Bellenilişi ýaly, öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyga aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylar, dürli ulgamlarda netijeli döwletara dialogy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar we hökümetara resminamalara gol çekiler.

Dostlukly ýurduň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Aşgabatda geçiriljek duşuşygyň hem-de onuň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Prezidentiniň şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk meselelerine garaldy.

Sport ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Bu ulgamyň ösdürilmegine Türkmenistanda-da, Gazagystanda-da uly ähmiýet berilýär. Halk Maslahatynyň Başlygy öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Gazagystanyň Prezidentini Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olaryň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bu ýaryşlarda biziň ýurdumyza 29 türgen wekilçilik edýär. Olar göreş, ýaýdan ok atmak we milli oýunlaryň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezerler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň halklaryna parahatçylyk, ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, taraplar iki goňşy döwletiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Astana Arena” stadionyna tarap ugrady. Bu ýerde şu ýyl “Ymgyr sähradaky duşuşyk” şygary astynda geçýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Çarwadarlaryň oýunlaryny geçirmek baradaky pikiriň ilkinji gezek Gyrgyzystanda dörändigini bellemek gerek. Merkezi Aziýanyň taryhy çarwa halklarynyň milli oýunlary esasynda guralýan bu iri ýaryşlar häzirki günde dünýäniň çar künjeginden toparlary we gatnaşyjylary bir ýere jemleýär. Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizilendir.

Sport, medeni we ylmy maksatnamalaryň birleşdirilmegi bu özboluşly taslamanyň esasy aýratynlygydyr. Şularyň özara baglanyşygy sportuň milli görnüşlerini, umuman, çarwa medeniýetini toplumlaýyn öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär. Sport ýaryşynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti mähirli mübärekledi.

Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de beýleki döwletleriň wekiliýet Baştutanlary, köp sanly hormatly myhmanlar öz ýerlerine geçdiler. Açylyş dabarasyndaky çykyşlardan soňra, stadionda Gazagystan Respublikasynyň Döwlet senasy we Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň senasy ýaňlandy.

Şu gezekki iri sport çäresiniň resmi nyşanynda Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ähli nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan Gün şekilindäki atlynyň şekili ýerleşdirilipdir. Nyşanda hakyk daşynyň nepisligini alamatlandyrýan goýy gyzyl reňk ulanylypdyr. Bu gymmat bahaly daş türkmenleriň we Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň milli şaý-seplerinde giňden ulanylýar. Nyşandaky ýazgylar VIII — X asyrlardaky türki ýazuwyň äheňinde ýerine ýetirilipdir. Gyrgyzystanda geçirilen Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üçüsiniň esasy nyşany suw bolupdy. Bu däp Gazagystanda geçirilýän şu gezekki oýunlarda hem dowam etdirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ähli sebitlerine wekilçilik edýän ýigitleriň suw meşikleri bilen çäräniň geçirilýän ýerine gelmegi açylyş dabarasynyň möhüm bölegi boldy.

Soňra ýurtlaryň ýygyndy toparlary milli baýdaklary bilen dabaraly ýöräp geçdiler. Şu gezekki ýaryşlarda gatnaşyjylar sportuň 21 görnüşi, şol sanda at çapyşyklary, göreşiň milli görnüşleri, aň-paýhas oýunlary, başa-baş söweşler, ýaýdan ok atmak, el guşlar bilen aw awlamak we beýleki milli oýunlar boýunça 97 medal toplumy ugrunda bäsleşerler. Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda Türkmenistana 29 türgen wekilçilik edýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bir hatarda, halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesliň kemala gelmegine uly üns beripdirler. Milli oýunlaryň dürli görnüşlerine, şol sanda milli göreşe aýratyn gyzyklanma bildirýän halkymyz asyrlaryň dowamynda sportuň bu görnüşini kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir hem-de pälwanlary taýýarlamak boýunça toplan baý tejribesini Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen bütin dünýä ýaýradypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen pälwanlary şöhratly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirip, sportuň bu görnüşinde, guşakly göreşiň we başa-baş söweşiň beýleki görnüşlerinde ýokary ussatlyk görkezýärler. Olaryň abraýly halkara ýaryşlarda, şol sanda Çarwadarlaryň ozal geçen bütindünýä oýunlarynda türkmen milli göreşi, alyş guşakly göreş, gazak we gyrgyz göreşleri boýunça üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanmaklary munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen birlikde, bu sport ýaryşynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda meşhur bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edendigini hem bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen bu topar iri halkara çäreleriň, sirk sungaty festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi boldy.

...Soňra türgenler topary stadiona Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny hem-de Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň baýdagyny alyp çykdylar. Oýunlaryň açylyş dabarasynda gazak halkynyň medeni mirasyny şöhlelendirýän sahna çykyşy, halklaryň dostlugy baradaky aýdym-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Soňra bolsa geljekki sport ýeňişlerine badalga hökmünde dürli reňkli feýerwerkler asmany ýagtylandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Umuman, türkmen halkynyň Milli Lideriniň nobatdaky sapary we onuň çäklerinde Gazagystanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşyk iki doganlyk ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara dialogy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiklerini aýdyň tassyklady.