Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Täze mekdep — Türkmenistandan Täjigistana sowgat

Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. Şu gün — 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda kabul edilen bu çözgüt taraplaryň köpasyrlyk ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň arasynda dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gyzyklanmalarynyň güwäsidir.

Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň we Gündogaryň meşhur akyldar şahyrynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary bu durmuş ähmiýetli desganyň gurluşygyna sanly ulgam arkaly ak pata berdiler. Medeni-ynsanperwer ulgam we onuň möhüm bölegi bolan bilim ulgamy özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň binýadynda guralýan däp bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu günki şanly waka hem munuň aýdyň mysalydyr.

...Dabaranyň geçirilýän ýerinde giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.

Mekdebiň esasy girelgesiniň öňünde, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň arasynda iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary, hormatly ýaşulular, ýaşaýjylar bar.

Alyp baryjylar türkmen we täjik dillerinde dabara gatnaşyjylaryň ählisini hem-de myhmanlary şatlykly waka — täze umumybilim berýän mekdebiň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, iki döwletiň Baştutanlaryny uly hormat bilen çykyş etmäge çagyrýarlar.

Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga şatdygyny belledi. Dostlukly ýurduň Prezidenti ýurtlarymyzda şu gün giňden bellenilýän bilimler baýramçylygynda täze bilim edarasynyň açylmagynyň ynsanperwerligiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.

Täze, döwrebap mekdebiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlandygyny aýdyp, dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyza durmuşa geçirilen ägirt uly işler hem-de taraplaryň tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Geçen ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki çalşykda 1080 okuwçyny okatmaga mümkinçilik berjek mekdebiň gurluşygyna badalga berdik. Gysga möhletiň içinde bize bu durmuş ähmiýetli taslamany doly derejede durmuşa geçirmegiň başardandygy buýsançly ýagdaýdyr hem-de biziň ýaş nesillerimizde iň ýokary bilim tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen täze mekdepde bilim almak üçin ýene bir oňat mümkinçilik peýda boldy diýip, täjik Lideri aýtdy. Mekdebiň gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginde hemmetaraplaýyn goldaw berlendigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Prezident Emomali Rahmon geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly netijeleri gazanandyklaryny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklar häzirki wagtda köp ugurlary öz içine alýar. Şunda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň umumy gün tertibinde medeni-ynsanperwer, hususan-da, bilim we ylym ulgamlarynda gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek meseleleriniň möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Geçen ýyllaryň dowamynda bu ugurlar boýunça ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň zerur bolan hukuk binýady emele getirildi. Taraplar kabul edilen ikitaraplaýyn resminamalaryň düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegine hemişe üns berýärler. Ylmy-barlag merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Her ýyl Hökümetlerimiz tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde okamagy üçin talyplara okuw orunlary bölünip berilýär hem-de biz ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, Prezident Emomali Rahmon nygtady we Magtymguly adyndaky mekdebiň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň ýurtlarymyzyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydygyna ünsi çekdi. Bu mekdebiň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän ýylynda öz gapylaryny açmagynyň aýratyn many-mazmuna eýedigi nygtaldy.

Şu ýyl ÝUNESKO-nyň howandarlygynda halkara derejede doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şygryýet dünýäsi ruhy-ahlak gözelligi, çagalara çäksiz söýgi ýaly belent ynsanperwer taglymlara ýugrulandyr diýip, Täjigistanyň Prezidenti belledi hem-de bu bilim edarasynyň tiz wagtlarda öz ýurdunyň mynasyp raýatlary, watançylary hökmünde kemala gelen uçurymlaryna buýsanjakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Emomali Rahmon bu durmuş ähmiýetli möhüm taslamanyň amala aşyrylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna, şeýle hem mekdebi gurmaga gatnaşan gurluşykçylara Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, täjik topragynda beýik türkmen akyldarynyň adyny göterýän mekdebiň açylmagynyň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň nyşany bolup durýandygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini, ýurduň mugallymlaryny we mekdep okuwçylaryny täze okuw ýylynyň ilkinji güni bilen gutlap, asylly däbe görä, Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda dabaraly çäreleriň geçirilýändigini, täze bilim edaralarynyň açylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu gün sanly ulgam arkaly täjigistanly doganlarymyz bilen bilelikde Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän täze orta mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşýandygyny aýtdy. Bu mekdebiň gurluşygyna geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde badalga berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan bu mekdep iki ýurduň arasyndaky dost-doganlygyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony, mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem Ergeş Sultanow daýhan birleşiginiň ähli ýaşaýjylaryny täze mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, bilim edarasynyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýän ýylynda açylmagy uly many-mazmuna eýedir.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda täze ugurlar boýunça hem ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Magtymguly adyndaky mekdebiň açylmagynyň bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklarda taryhy wakadygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleriň ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerine hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we ähli türkmen halkynyň adyndan dostlukly ýurduň Baştutanyny, mugallymlardyr okuwçylary täze, döwrebap mekdebiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň hormatly ýaşulularyna söz berildi. Ýaşuly nesliň wekilleri iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky synmaz dostlugyň aýdyň nyşany bolan täze mekdebiň şu ýyl diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeginde doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterjekdigini nygtadylar.

Sanly ulgam arkaly dabara gatnaşandyklary üçin çuňňur hoşallyk bildirip, çykyş edenler Prezidentler Serdar Berdimuhamedowa we Emomali Rahmona berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler hem-de iki döwletiň Baştutanlaryna Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebi dabaraly açyp bermek haýyşy bilen ýüzlendiler.

Prezidentleriň ak patasy bilen, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylary toý bagyny kesýärler. Şol wagt täze okuw ýylynyň, döwrebap bilim edarasynyň işiniň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň sesi ýaňlanýar.

Ýeri gelende bellesek, mekdep üçin şu ýeriň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. Olar döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyza goldaw-kömegini bärýän ata Watanymyz bilen aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyň nyşany hökmünde Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylandygy baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdiler.

«Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan mekdep binasy umumy meýdany 4300 inedördül metrden gowrak bolan okuw toplumyny özünde jemleýär. Gurluşyk işleri dolulygyna türkmen tarapynyň hasabyna, häzirki zaman ölçegleri esasynda alnyp baryldy. Baş binada giň, ýagty synp otaglarynyň 24-si ýerleşdirilipdir. Olarda okuw işini netijeli alyp barmak üçin ähli şertler döredilendir. Binada kitaphana, üsti ýapyk sport zaly, uly mejlisler jaýy, naharhana, lukmançylyk nokady we beýlekiler hem bar.

Bu gün dabara gatnaşyjylaryň ählisi, aýratyn-da, 1-nji synp okuwçylary üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna “Bilimli” haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de “Toyota Coaster” kysymly awtobus sowgat berildi.

Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ajaýyp sowgat üçin mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň adyndan hormatly Prezidentimize we parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň hem-de ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz bilen däp bolan gatnaşyklary berkitmek, milli bitewüligi gorap saklamak we baý medeniýetimizi wagyz etmek babatda durmuşa geçirýän işleri üçin hoşallyklaryny bildirdiler. Ýygnananlar täze mekdebiň kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň çagalarynyň okaýan, olaryň ruhy-ahlak ösüşiniň häzirki zaman merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan köp sanly türkmenler ata-babalarynyň gadymy topragynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere dahyllydyklary üçin özlerini bagtly duýýarlar. Bu toprakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň arzuw-hyýallary hasyl bolýar.

Ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä türkmenlerini ruhy taýdan birleşdirmegini dowam edýändigi tötänleýin däldir. Şonuň üçin şahyryň parasatly goşgy setirleri şu günki çykyşlaryň ählisiniň esasy özenini düzdi. Olarda türkmen-täjik dostluk gatnaşyklarynyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirildi.

Mekdebiň öňünde oturdylan, döredijiligine dünýäniň ähli künjeklerinde uly sarpa goýulýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine köp sanly gül desseleri goýuldy.

Şeýlelikde, täze taryhy döwürde strategik häsiýete eýe bolan köptaraply döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýän türkmen-täjik medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhyna ýene bir ajaýyp sahypa ýazyldy. Goý, türkmen-täjik dost-doganlygy baky bolsun!