«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek çäresi geçirildi
19-njy awgustda «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň mejlisler jaýynda geçirilen çärä Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi we ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigi buýsanç bilen bellenip geçildi.
Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap ýollaryň gurluşygynyň amala aşyrylmagy we Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ähli pudaklaryň, hususan-da, ulag toplumynyň işiniň kämilleşdirilmegi babatynda çykyş etdiler.