Adam hakynda alada — durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmak bagtynyň miýesser etmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy we häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçiriljek halkara foruma, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata, Garaşsyzlyk baýramynyň çäklerinde geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyň dowamynda döwleti dolandyrmak babatda toplan tejribesine we häzirki zamanyň oňyn ýörelgelerine esaslanýan Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, nobatdaky umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, onda kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi wajyp wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyna degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen bilelikde, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyň guramaçylygyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Munuň özi obasenagat pudagynda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmeginde, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmakda ähmiýetlidir.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly seneleriniň biri hökmünde ykrar edilen akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçiriljek “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz türkmen halkynyň meşhur şahsyýetiniň hormatyna guralýan çärelerde halkymyzyň milli sungatynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adam saglygy, onuň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, lukman Arkadagymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagy barada tabşyryklary berdi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty hakynda aýdylanda, ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumyň guramaçylyk derejesine zerur üns berilmelidigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow onuň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegine ýardam etmelidigini aýtdy.
Şeýle ynsanperwer işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeleriň durandygyny belläp, R.Bazarow ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylmagy bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlary berendigi üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik taýdan ähmiýetlidigini belläp, bu işler bilen bir hatarda, beýleki çäreleriň hem guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi we köp sanly ildeşlerimiz Hazaryň kenaryndaky, welaýatlardaky şypahanalarda, dynç alyş merkezlerinde zähmet rugsadyny ýokary derejede geçirýärler. Bu barada aýtmak bilen, R.Bazarow amatly dynç almak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, olaryň döwrebap bilim-terbiýeli bolup ýetişmekleri, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler öz oňyn netijesini berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
* * *
Çeper döredijilige, şol sanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk eserlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat täze kitapdan goşgulary okady. Dana Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň her bir adamda ruhubelentlik döredýändigini belläp, alym Arkadagymyz şahyryň goşgularynyň ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydygyny, onuň eserleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz şypahananyň çägi boýunça agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Gahryman Arkadagymyz olaryň bilimi, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi bilen gyzyklandy. Munuň özi peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
“Arçmanyň” çägi boýunça gezelenjiň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňyn täsiriniň bardygyny belläp, lukman Arkadagymyz döwrebap seýilgähde gezelenç etmegiň saglygyň möhüm şertidigine ünsi çekdi. Bu künjekde gök zolaklaryň, döwrebap seýilgähleriň döredilmegi bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary hem-de dag howasy bilen utgaşyp, jana ýakymly howa gurşawyny emele getirýär. Munuň özi şypahanada saglygyny dikeldýänler we bejergi alýanlar üçin esasy şertleriň biri bolup durýar.