Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymy möwsümine doly taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde guruljak önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, olara degişli düzedişleri girizdi. Çeper halyçylyk kärhanasynyň täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, onuň ekologiýa derejesine we binanyň ýerleşiş aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadag belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Gahryman Arkadagyň dikuçary Aşgabatdan Arkadag şäherine tarap ugur aldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde alnyp barylýan işleri, şäheriň binalarynyň ýerleşiş aýratynlyklaryny, ulag ýollarynyň hereketini synlady.

Uçuşyň dowamynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň ýerleşjek ýerini synlap, Gahryman Arkadag önümçilik toplumynyň gurluşyk işlerine, onuň enjamlaşdyrylyşyna bolşy ýaly, kärhananyň işiniň ekologiýa talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Aýratyn-da, önümçilik toplumlarynyň golaýynda ugurdaş desgalaryň ýerleşdirilmeginiň talabalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.

Şeýle hem Gahryman Arkadag täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek lukmançylyk klasteriniň desgalarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.

Bellenilişi ýaly, täze toplumyň gurulmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer. Bu bolsa täze şäheriň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda bolşy ýaly, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň gowulanmagynda-da ähmiýetlidir.