НОВОСТИ

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi


 

30-njy iýunda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini şeýle hem, Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça maslahat edildi.

Mundan başga-da, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler şeýle hem, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk sanawyny (reýestrini) işläp taýýarlamak we döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlendi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanda döredilmegi meýilleşdirilýän Pudagara Elektron Maglumat Alyşmak Ulgamy bilen mejlise gatnaşyjylary tanyşdyryldy we başga-da dürli ugurlar boýunça birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli ministrlikleriň jogapkär wekilleri çykyş etdiler. Işçi toparyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.