ГСРЧ


“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky
Döwlet radioýygylyk gullugy



“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy (DRG) berkidilen maksatlaryna laýyklykda, aşakdaky esasy wezipeleri ýerine ýetirýär:

  • Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini netijeli peýdalanmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
  • radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna tehniki radiogözegçiligi amala aşyrmak;
  • radiomonitoring işlerini amala aşyrmak;
  • berkidilen radioýygylyklar (radioýygylyklaryň zolaklary) barada maglumaty radioýygylyklaryň ýeke-täk registrine girizmek;
  • radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlaryny bellenilen tertipde hasaba almak (gaýtadan hasaba almak) we hasapdan aýyrmak;
  • radioýygylygy berkitmegiň awtomatlaşdyrylan maglumatlar gorunyň ulgamyny we elektromagnit utgaşmasynyň hasabyny ýöretmek hem-de ony hemişe kämilleşdirmek;
  • radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlaryny hasaba almak düzgünlerini kämilleşdirmeklige we olaryň gözegçiligi barada teklipleri bermek;
  • elektromagnit utgaşmasynyň barlag (hasaplaýyş) işlerini ýerine ýetirmek we ony kesgitlemek üçin degişli ölçegleri geçirmek;
  • rugsatsyz ulanylýan radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly enjamlary ýüze çykarmak hem-de olaryň işlemeginiň öňüni almak;
  • radioýygylyk spektriniň halkara hyzmatdaşlygyň çygrynda Halkara elektroaragatnaşyk birleşmesiniň radioaragatnaşyk Reglamentine laýyklykda peýdalanylmagyny üpjün etmek;
  • ýuridik we fiziki şahslardan gelip gowuşýan arzalar esasynda radioýygylyklary (radioýygylyklar zolagyny) berkitmek üçin degişli işleri geçirip, olaryň peýdalanmak
  • mümkinçiligi barada teklipleri bermek;
  • Türkmenistanyň gümrük serhedine getirilen we Türkmenistanyň çäginde bar bolan radioelektron serişdelerine we ýokary ýygylykly enjamlaryna degişli barlaglary geçirmek;
  • öňdebaryjy tehnologiýalary, täze tehniki serişdeleri ornaşdyrmak, şeýle hem maddy-tehniki binýadyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak;
  • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Gullugyň işiniň barşynda emele gelen arhiw resminamalaryny toplamak, saklamak, hasaba almak we peýdalanmak;
  • radioýygylyk spektri babatda halkara hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna gatnaşmak;
  • radioýygylyk spektri babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we teklipleri işläp taýýarlamaga gatnaşmak;

DRG-nyň BÖLÜMLERI

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioyygylyk gullugy edara görnüşindäki tarap bolmak bilen, Aşgabat şäherinde ýerleşýän:

  • Administartiw dolandyryş bölümini;
  • Tehniki bölümini;
  • Şertnamalar; hasaba alyş we hasaplar bölümini;
  • Hojalyk dolandyryş bölümini;
  • Aşgabat şäher we Ahal welaýat bölümçesini;
  • we welaýat merkezlerinde ýerleşýän:
  • Mary welaýat bölümçesini;
  • Lebap welaýat bölümçesini;
  • Balkan welaýat bölümçesini;
  • Daşoguz welaýat bölümçesini öz düzümine girizýär;

 

Administartiw dolandyryş bölümi

Önümçilik prosesini dolandyrmak maksady bilen, işgärleriň önümçilik dolandyryş işlerini amala aşyrýar.
 

Tehniki bölümi

Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamanynyň tertibine gözegçiligi babatda, Tehniki bölümi aşakdaky işleri amala aşyrýar:

  • Gelip gowuşýan we gidýän hatlar boýunça degişti işleri geçirmek;
  • Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioyygylyk gullugyna gelip gowuşýan hatlar boýunça netije çykaryp jogap taýýarlamak;
  • Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary täsir edýän radiopäsgelçilikleri aradan aýyrmak boýunça işleri guramak;
  • Türkmenistanyň çäklerine girizilýän radioelektron serişdelerin we ýokary yygylykly enjamlaryň ýeke-täk belligini gözegçilikde saklamak;
  • Welayat bölümleri bilen degişli işleri geςirmek;

Şertnamalar, hasaba alyş we hasaplar bölümi

Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň,
gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakyndaky
Düzgünnamanynyň tertibine gözegçiligi babatda, aşakdaky işleri amala aşyrýar:

Berkidilen Radioyygylyklaryň gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen, radioýygylyk toplumyny peýdalanmak üçin şertnama baglaşmak;

Radioýygylyk toplumyny peýdalanmak üçin we radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmak üçin, hem-de radioýygylyk toplumy bilen bagly bolan beýleki hyzmatlar üçin hasaplary düzmek;

Radioyygylyk toplumyny peýdalanmak üçin we radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmak üçin, hem-de radioýygylyk toplumy bilen bagly bolan beýleki hyzmatlar üçin hasaplaryň wagtly-wagtynda tölenmegine gözegçiligi amala aşyrmak;

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioyygylyk gullugynda resmileşdirilen radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmak üçin rugsatnamalary, hem-de gämi radioenjamlary üçin rugsatnamalary bermek;

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioyygylyk gullugynda resmileşdirilen radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň ýeketäk belliginiň gözegçiligini amala aşyrmak we hasabatyny ýöretmek.

Hojalyk dolandyryş bölümi

Önümçilik prosessiniň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen, işgärlere zerur bolan hojalyk işlerine degişli harytlar bilen üpjün etmek boyunça degişli işleri amala aşyrýar.

DRG-nyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýat, Mary welaýat, Lebap welaýat, Balkan welaýat, Daşoguz welaýat bölümçeleri

Tehniki gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýär:

  • Radioyygylyk toplumynyfl bökdençsiz radiogözegçillgini amala aşyrmak;
  • Gelip gowuşýan hatlar boýunça netije çykaryp tehniki önümçilik bölümine ýollamak;
  • Resmileşdirilen radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň ýeketäk belliginiň gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen tertip boýunça tükelleme işleri geçirmek.


DRG-nyň aragatnaşyk maglumatiary:

Telefon: (+993-12) 44-93-09 
Faks:      (+993-12) 44-93-05
Adres: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, j-88