
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminamada bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyna ýolbaşçylyk edip, köp sanly halkara çäreleri ýokary derejede geçirmäge goşan ägirt uly şahsy goşandyny, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny milli kanunçylyga ornaşdyrmakda we berýän gymmatly maslahatlary, öwüt-ündewleri, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, şeýle-de halk wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlardan gelen teklipler göz öňünde tutulyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy.
