
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.
Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däpleriniň özboluşly dabaralanmasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu serginiň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň aýdyň güwäsine öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan ýurt hökmünde ykrar edildi. Geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk berkararlygymyzy pugtalandyrýan, döwletimiziň daşary syýasy ugruny kesgitleýän möhüm gymmatlyga öwrüldi.
Ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary onuň halkara giňişlikdäki başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejedäki ýokary abraýynyň hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandynyň ykrarnamasy hökmünde ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen döwlet hem-de milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Bedew bady bilen öňe barýan Bitarap ýurdumyz halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürmek bilen, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk halkara giňişlikde ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň esasy, syýasy we ykdysady işiniň binýatlaýyn ýörelgesidir. Bitarap döwletimiz bu halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan mizemez ýörelgeleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işjeň ilerledýär.
Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşi bitaraplyk, diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly gülläp ösüş ýörelgeleriniň esasynda kemala gelýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, halkymyzyň asuda Watanda bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek bolsa döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi we baş maksadydyr. Bu mukaddes wezipä eýerip, eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen maksatnamalar, halkara ähmiýetli taslamalar, düýpli özgertmeler beýik maksada — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, halkara hyzmatdaşlygyň we dost-doganlygyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan belent maksatly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
