
Türkmenistanyň Prezidenti «Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglanyldy
Astanada ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Altyn Bürgüt» («Altyn Kyran») ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanyna bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-gazak dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde hormatly Prezidentiň şahsy goşandyny belledi. Gazak Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine goşan goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy.
Dabaranyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu abraýly sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistanyň halkyna goýulýan uly hormatyň nyşany, iki halky köp asyrlaryň dowamynda birleşdirip gelýän berk dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
«Altyn Bürgüt» ordeni Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary tapawutlandyryş nyşanydyr. 1995-nji ýylda döredilen bu abraýly sylag bilen Gazagystanyň öňünde aýratyn hyzmatlar bitiren raýatlar, häzirki zamanyň görnükli döwlet, jemgyýetçilik we syýasy işgärleri sylaglanylýar. Ýeri gelende, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan türkmen halkynyň Milli Liderine hem «Altyn Bürgüt» ordeniniň gowşurylandygyny bellemek gerek.
