GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy sentýabrda Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde GDA agza ýurtlaryň arasyndaky ykdysady, ylmy-tehnologik we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi.

Geňeşiň gün tertibine hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan 15 mesele girizildi. Duşuşykda GDA-nyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin ylmy-tehnologik ösüş strategiýasy, maglumat jemgyýetini we sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça strategiýa, şeýle hem multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak ugrunda Täjigistan tarapyndan hödürlenen resminama kabul edildi.

Mundan başga-da, 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş strategiýasynyň ikinji tapgyryny, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny, tokaý hojalygynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we gurluşykda bahalary emele getirmegiň konsepsiýasyny öz içine alýan resminamalar tassyklanyldy.

Ynsanperwer ugurda GDA-da «Saglygy goraýyş ýyly» diýlip yglan ediljek 2026-njy ýylyň meýilnamasy kabul edildi.

GDA Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisiniň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär.