
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 29-njy sentýabr — 1-nji oktýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň esasy maksady geljekki onýyllyklar üçin medeni syýasatyň ösüşiniň strategik ugurlaryny işläp taýýarlamakdan hem-de medeniýeti durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde post-2030 ählumumy gün tertibine ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
«Medeniýet we parahatçylyk» we «Medeniýet we bilim» atly birleşen mowzuklaýyn sessiýadaky çykyşynda M.Bäşimowa Türkmenistanyň Prezidentiniň baý taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge, medeni dialogy berkitmäge hem-de medeni diplomatiýany işjeň ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine we binýatlyk garaýyşlaryna berk ygrarlydygy aýratyn bellenilip, onuň guramanyň esasy maksatnamalaryny hem-de başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagynda, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandynda öz beýanyny tapýandygy aýdyldy.
160-dan gowrak döwletiň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ugurlary, şol sanda medeni hukuklaryň üpjün edilmegi, sanly özgeriş, medeniýet bilen bilimiň özara gatnaşyklary, döredijilik senagatlarynyň ösüşi, medeniýetiň howanyň üýtgemeleri bilen baglanyşygy, çylşyrymly ýagdaýlarda medeni mirasy gorap saklamak hem-de emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bütindünýä maslahat her dört ýylda bir gezek geçirilýär we medeni syýasat ulgamynda dialog we hyzmatdaşlyk üçin öňdebaryjy halkara meýdança bolup hyzmat edýär.