
BMG-niň Baş sekretaryndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty geldi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden hat gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
BMG-niň Baş sekretary iberen hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýar.
«Geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen çözgütler köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga we hemmeler üçin adam hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu şanly günde Türkmenistanyň halkyna nobatdaky gezek iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň! Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!» diýip, BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine ýollan hatynda ýazýar.