Türkmenistanyň Prezidentiniň Nýu-Ýorka iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkuň Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar we iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşyp, onda çykyş etmek bilen Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny, tekliplerini beýan etdi.