Awstriýanyň Federal Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň geçirilýän günlerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we şu günki gepleşikleriň netijeli pikir alyşmaga, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Awstriýanyň kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazaryna ulag tehnikalary, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz pudaklary üçin öňdebaryjy enjamlary getirýärler. Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow toparyň döwlet edaralarynyň we hususy ulgamyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş etmeginiň geljekde hem goldanyljakdygyny nygtady.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Aleksandr Wan der Belleni 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylyga möhüm goşant goşýandygyny we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi.