
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň 3-nji Parlamentara forumyna gatnaşdy
23-nji sentýabrda Bişkek şäherindäki «Ala-Arça» döwlet kabulhanasynda «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleri: sebitiň ählitaraplaýyn ösüşi üçin netijeli çözgütler» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň III Parlamentara forumy geçirildi.
Foruma giriş sözünde Gyrgyzystanyň Žogorku Kengeşiniň başlygy Nurlanbek Şakiýew bu parlamentara forumyň gysga wagtda möhüm başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdançaga öwrülendigini nygtady.
Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament başlyklary çykyş etdiler.
Forumda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçdi. «Men Merkezi Aziýa döwletleriniň III Parlamentara forumynyň sebitleýin integrasiýanyň baş hereketlendiriji güýjüne öwrüljekdigine we özara gatnaşyklara täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn» diýip, ol belledi.
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bolsa, üç ýylyň dowamynda forumyň örän zerur we wajyp ähmiýete eýedigini subut edendigini nygtady. «Forum bähbitleriň utgaşdyrylmagynda möhüm gepleşik merkezine öwrüldi» diýip, T.Narbaýewa aýtdy.

Şeýle hem Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň anyk söwda-ykdysady görkezijilerde öz beýanyny tapýandygyny belledi. Mysal üçin, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 3 esse, bilelikdäki kärhanalaryň sany bolsa 6 esse artdy.
Täjigistan Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Ýokary ýygnagynyň Başlygy Rustam Emomali bolsa, nobatdaky parlamentara forumyň geçirilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryň bähbidine dialogy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda durnukly isleginiň subutnamasydygyny nygtady. Ol çykyşynda forumyň indiki mejlisiniň Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilmegini teklip etdi.
Türkmenistanyň adyndan ýurduň Gyrgyzystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýew çykyş etdi. Ol parlamentara forumyň sebitleýin ösüş meselelerini, parlamentara hyzmatdaşlygy hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça konstruktiw çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança bolup durýandygyny nygtady. «Türkmenistan özara düşünişmegiň möhüm mehanizmi hökmünde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge bolan ygrarlylygyny beýan edýär. Şeýle hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary dolulygyna öz içine alýar» diýip, ilçi belledi.
Forumyň netijesinde Bişkek Jarnamasy kabul edildi.
