R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredwow BMG Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Has takygy, 22-nji sentýabrda daşary işler ministri Raşid Meredow Kubanyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýa bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy BMG Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň esasy jemleýji resminamalarynyň – Awaza syýasy Jarnamasynyň we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy bu ugurlarda bilelikdäki işleriň ähmiýetini belledi we olaryň ýerine ýetirilmeginde garaýyşlaryň we ileri tutulýan çäreleriň alşylmagyna gyzyklanma bildirdi.

R.Meredow şol gün BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Rozmari Dikarlo bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda taraplar parahatçylygy saklamak we halkara howpsuzlygyny berkitmek ýaly ugurlarda Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda-da duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugrudygyny nygtadylar, aýratyn-da, maýa goýum we tehnologik ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhümdigine üns çekdiler.

ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam berýän Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň orny hem bellenildi diýlip, habarda bellenilýär.