Gazagystanda Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Beýan edilişi ýaly, gazak Lideri gutlag hatynyň başynda türkmen kärdeşine doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny aýdýar. Şeýle-de ol türkmen halkynyň röwşen geljegini we döwletiň durnukly ösüşini Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ady, parasatly ýolbaşçylygynda alyp barýan döredijilikli syýasaty bilen berk baglanyşdyrmaga haklydygyny nygtaýar.

— Köpugurly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny, şol sanda Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine doly derejede durmuşa geçirjekdigimize ynanýaryn.

Resmi sapar bilen Gazagystana gelmegiňize sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylýazgysynda möhüm sahypany açyp, döwletara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berer — diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda belleýär.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti gutlag hatynyň ahyrynda türkmen kärdeşine egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny we doganlyk Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw edýär.