
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.
Özbegistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Söhbetdeşlikde türkmen-özbek gatnaşyklaryny we iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Syýasy dialogyň işjeňligi we pudaklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň depgini uly kanagatlanma bilen bellenildi.
Hususan-da, söwda dolanyşygyny artdyrmak, senagat we energetika ugurlaryndaky kooperasiýa taslamalaryny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi. «Daşoguz — Şabat» serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy nygtaldy. Şeýle-de Sebitara forumy we sergini, Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet we Kino günlerini geçirmek barada durlup geçildi.
Mundan başga-da, taraplar sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine we ýokary derejedäki geljekki çäreleriň meýilnamasyna garadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Özbegistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny ýurduň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady diýlip, habarda bellenilýär.
