Türkmenistanda raýatlara döwlet sylaglaryny gowşuryş dabaralary geçirildi

Şu gün Aşgabatda dürli toplumlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmaga, ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga, ýaşlary Watana çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz türkmen döwletiniň, halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap türkmen döwletiniň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurduň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, döwlet sylaglaryna, baýraklara mynasyp bolanlara sylaglary gowşuryş dabaralary geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şol sanda Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlara, Daşary işler ministrliginde ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerine degişli döwlet sylaglary gowşuryldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany esasynda, ýurduň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de Mary welaýatynda zähmet çekýän hem-de aýratyn işjeňlik görkezýän, jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy raýatlary döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 manat möçberde pul baýragy gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi kabul edildi.

Sylag gowşuryş dabaralary ýurduň beýleki toplumlarynda hem geçirildi.