Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagynyň bes edilmegi teklip edildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigini göz öňünde tutup, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi hem-de şu teklibi goldamagy Gahryman Arkadagdan tüýs ýürekden haýyş etdi. Bu barada TDH ýazýar.

Ý.Atamyradow çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen köp ýyllardan bäri Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, adamlar üçin döredilýän şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýokdugyny, bu gün her bir maşgalanyň eliniň uzadan ýerine ýetýändigini aýtdy.

«Agzybir halkymyz parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ogul-gyzlarymyz, agtyk-çowluklarymyz okuwa, işe arkaýyn gidip-gelýärler. Parahat, asuda durmuşyň özi bahasyna ýetip bolmajak uly baýlykdyr hem gymmatlykdyr» diýip, Ý.Atamyradow belledi we tygşytlanyljak serişdeleriň ýurdy mundan beýläk-de ösdürmäge, beýleki wajyp ugurlara gönükdirilmeginiň has-da talabalaýyk boljakdygyny nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanynyň halkyň hem-de ýaş nesilleriň nurana geljegi ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ý.Atamyradowa çykyşy we maslahaty üçin minnetdarlyk bildirdi.