
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly ýaşululary we eneleri sylaglamak hakyndaky, şeýle hem zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurduň raýatlaryny Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şol Permanlara gol çekdi. Bu barada TDH ýazýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 20-nji sentýabrda sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi.
Şeýle-de mejlisde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ýaşululara, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeländikleri, dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlary we degişli Karary metbugatda dolulygyna çap edildi. Onuň bilen şu baglanyşyk arkaly doly tanşyp bilersiňiz.
