
«Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda yzygiderli halkara başlangyçlary öňe sürýär» diýip belledi.
Gahryman Arkadag türkmen döwletiniň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň uly syýasy ähmiýetine ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň giňden dabaralanýandygynyň güwäsidir.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu Kanuna gol çekdi.
Kanun metbugatda dolulygyna çap edildi.
