
Dünýä türkmenleriniň birnäçesi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglanyldy
19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda» Permana gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda şu daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylýar:
— Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni jemgyýetiniň başlygy Khoja Murad Ata Murad,
— Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy Abdul Rahman Ahmad,
— Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň germaniýaly şahsy agzasy Abdul Hakim Nassery.
Permanda bellenilişi ýaly, DTYB-niň bu agzalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň synmaz ruhy sütünine öwrülen döredijiliginde beýan eden ynsanperwer garaýyşlaryny dünýäde wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli sylaglanylýar.
