Türkmenistan Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky başlangyjy BMG-niň garamagyna hödürlär

Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürer.

TDH-niň ýazmagyna görä, degişli başlangyç dil we medeni köpdürlülige hormat goýmak arkaly halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň hem-de dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdiriler.

Şeýle-de Türkmenistan Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjyny öňe sürer. Bu merkez diplomatiýa, parahatçylyk gurujylyk hem-de dürli milletleriň arasynda düşünişmek medeniýetini ilerletmek ulgamynda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ugur edinýän halkara bilim we dialog meýdançasyna öwrüler.