Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürer

BMG-niň howandarlygynda Halklaryň arasynda parahatçylyk, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak medeniýetiniň meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürer. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, bu sammit dünýäniň diplomatik senenamasynda döwletleriň, medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm waka bolar. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksiniň işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi şol sammitiň möhüm wezipeleriniň biri bolmak bilen, deňhukuklylyk, özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak ýörelgelerinde ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, dünýä derejeli meseleleri hyzmatdaşlyk we ylalaşyk arkaly bilelikde çözmek üçin köptaraplaýyn binýat bolup hyzmat eder.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 8-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara geňeşmeleri, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny hem-de ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek baradaky teklipdir başlangyçlaryny hödürlär.