
Bahreýniň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Bassam Ahmed Ali Marzukyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Bahreýniň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly alyp barjak işine hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara hem degip geçdiler. Parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy diýlip, habarda bellenilýär.