
Awazada Türkmenistanyň Maýa goýum forumy geçiriler
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Daşary işler ministrligine 18-19-njy sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, döwletiň ykdysady kuwwatyny we maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen kabul edildi.