
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi
Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy sentýabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda:
— Ýusup Kurbankulyýewiç Hudaýberdiýew Mary welaýatynyň Garagum etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we ol Balkan welaýatynyň Etrek etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
— Şamuhammet Nurmuhammedowiç Nurmuhammedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
— Yslam Muhammetdawudowiç Sadykow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
— Ogulnar Bäşimgeldiýewna Nurýagdyýewa Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
— Mekan Guwanjowiç Meredow Ahal welaýatynyň Bäherden etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
— Oguljennet Gylyçdurdyýewna Töräýewa Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
— Sylapgeldi Agamyradowiç Agamyradow Balkan welaýatynyň Esenguly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
— Döwletmyrat Baýramdurdyýewiç Hojagulyýew Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
— Rüstem Şatlykowiç Mämmedow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
— Jeren Saparmyradowna Hojaýewa Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi.
Perman «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 56-njy we 81-nji maddalaryna laýyklykda kabul edildi.