
Daşary ýurt liderleri türkmen halkynyň Milli Liderine gutlag hatlaryny iberdiler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli daşary ýurtly liderlerden köp sanly gutlag hatlary gelýär.
Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary gutlag hatlaryny iberdiler.
Şeýle-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrinden, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyndan, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasaryndan, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyndan, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretaryndan, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatoryndan, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryndan, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Taniden, Ermenistan Respublikasynyň dördünji Prezidenti Armen Sarkisýandan, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewden we Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergerden gutlag hatlary geldi.
Hatlary iberenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Bu barada TDH habar berýär.