
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda-da telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagyň rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýetini belläp, Prezident Wladimir Putiniň salamyny we rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän hakyky dosty hökmünde döwletara dialogy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi.
Söhbetdeşler netijeli döwletara gatnaşyklary iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli dowam etmegiň möhümdigini bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.