Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň taekwondo federasiýasynyň türkmen halkynyň Milli Liderine taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini, ýagny dokuzynjy danyny bermek barada çözgüt kabul edendigini aýtdy we degişli sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasyny gowşurmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagdan haýyş etdi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň taekwondo federasiýasynyň ýolbaşçysy sporty dünýäde giňden wagyz etmekde, onuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, bu ugurda ýaşlara görelde bolmakda, şeýle hem Türkmenistanda taekwondony ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy danynyň berlendigini tassyklaýan sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Gahryman Arkadag bu sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony ähli türkmen taekwondoçylaryna berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde taekwondonyň hem ösdürilmegi üçin mundan beýläk-de ähli şertleriň dörediljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine aýratyn ähmiýet berdi.