Türkmenistanyň DIM-inde CAREC-iň täze bellenilen Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

26-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenilen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Özara hyzmatdaşlyk meseleleri, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmekdäki tagallalary, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi nygtaldy.

Şeýle hem taraplar CAREC-iň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň sebit ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen ähmiýetli işini bellediler.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen CAREC-iň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.