
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Prezidentini we halkyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara we ýurduň ähli halkyna Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs-Musara tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.