
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen karanama kabul etdi
21-22-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, şeýle hem döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere aýratyn orun berildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň wekili forumda eden çykyşynda ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle hem guramanyň ähli agza döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary güýçlendirmegiň çykyş edýändigini belledi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrarnamasynyň aýdyň beýanyna öwrülendigi nygtaldy.
22-nji iýunda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «YHG-nyň we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» atly kararnama biragyzdan kabul edildi.
Resminama syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplygyň halkara we sebit durnuklylygyny berkitmäge ýardam edýändigini, döwletleriň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýändigini nygtaýar diýlip, habarda bellenilýär.