
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron sahypasynda habar berildi.
Döwlet Baştutany çykyşynyň başynda häzirki duşuşygyň Sianda geçirilen ozalky sammitde hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasynda beýan edilen ideýalardyr teklipleri berkitmäge, olara dowamatlylyk bermäge we ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Mälim bolşy ýaly, onda taraplaryň şu formatda bilelikdäki iş alyp barýan ugurlarynyň birnäçesi hasaba alyndy. Şolaryň hatarynda syýasy-diplomatik, ykdysady, maýa goýumlar, ulag, energetika, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlary görkezmek bolar. Prezident Serdar Berdimuhamedow şunda mowzuklaýyn çägiň şeýle giň bolmagynyň tebigy ýagdaýdygyny aýdyp, onuň gatnaşyklarymyň hakyky çuňlugyny, yzygiderliligini, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýetilen derejesini görkezýändigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dünýädäki häzirki ýagdaýlary nazara alyp, dostlukly ýurtlaryň Liderlerini daşary syýasatda Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak bilen bagly öňe süren teklibine aýratyn ähmiýet bermäge çagyrdy. Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň hem giňeltmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýär. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynda sebitiň döwletleriniň möhüm orny göz öňünde tutulýar.
«Onuň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy, biziň pikirimizçe, milli ulag-logistika mümkinçiliklerimizi umumy bähbitleriň hatyrasyna ýakynlaşdyrmaga we ulanmaga ýardam eder» diýip, döwlet Baştutany çykyşynda belledi.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäginde energetika ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem tarapdary bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň tebigy gazy we elektrik energiýasyny ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow söwdany, täjirçiligi ösdürmegiň, dürli ugurlara ýöriteleşen bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, innowasion ugurly hyzmatdaşlygyň hem formata gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan gülläp ösmeginde möhüm orna eýedigini nygtap, bu babatda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Şeýle-de medeni dialogyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurtlaryň arasynda wajyp meseleler boýunça başy başlanan dialogyň şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyň çäginde dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny bu iri maslahata gatnaşmaga çagyrdy.