
Prezident ýaş alymlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda" Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ýurduň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli kabul edildi.
Resminama laýyklykda, ýurduň ýaşlarynyň uly topary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2025-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we degişli baýraklar bilen sylaglanyldy.
Karar metbugatda dolulygyna çap edilýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda
ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.