
Türkmenistanyň Prezidenti gallaçylar bilen duşuşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigine bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanyny Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew we «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow garşyladylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmyrat Akmyradowa degişli bugdaý meýdanynda galla oragyna ak pata berdi we ilkinji bolup bugdaý hasylyny ordy.
Döwlet Baştutany soňra bugdaý ýygýan kombaýnlar arkaly galla oragynyň geçirilişini synlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen hem tanyşdy.
Döwlet Baştutany soňra bu ýerde kärendeçi Gurbanmyrat Akmyradow bilen bugdaý hasylynyň ýetişdirilişi barada söhbetdeş boldy.