Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň ilçisi işe başlady

30-njy maýda Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pariž ş.) Maksat Çaryýewiň Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Şazada Alber II-ä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.
Monakonyň Şazadasy Alber II Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar aýynda Monako amala aşyran saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şol bir wagtyň özünde taraplar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň 2025-nji ýylyň aprelinde amala aşyran ynsanperwerlik saparynyň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda ilçi Şazada Alber II-ä 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak ýokary derejeli halkara forumyna, şeýle hem şu ýylyň awgustynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.