
B U Ý R U K 110/1-Ö
«10» maý 2019 ý. Aşgabat şäheri
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
Jezalary ýerine ýetirýän edaralarynda
saklanylýan iş kesilenleriň ýurdumyzyň
çäginde telefon gepleşiklerine bolan
hukugyny üpjün etmek hakynda
Türkmenistanyň Jenaýat ýerine ýetiriş kodeksiniň 63-nji maddasyna, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, "Hukuk namalary hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirýän edaralarynda saklanylýan iş kesilenleriň ýurdumyzyň çäginde telefon gepleşiklerine bolan hukugyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1078 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi hakyndaky Düzgünnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, buýurýaryn:
1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirýän edaralarynda saklanylýan iş kesilenleriň ýurdumyzyň çäginde şäher we şäherara (şol sanda öýjükli operatorlaryna) telefon gepleşiklerine çykyş gepleşikleri üçin 1 minudyň bahasyny 0,10 manat möçberinde bellemeli.
2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.
3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary H.Hudaýgulyýew we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy B.Öwezow gözegçilik etmeli.
Ministr T.Dürhanow