«Türkmenaragatnaşyk» agentligi


   2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça hökümet mejlisini geçirdi. Ykdysadyýetimizi döwlete degişlilikden bazar görnüşine geçişini durmuşa geçirmek bilen senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynda özgertmeleri geçirmek barada karara gelendigini aýdyp, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň döredilýändigini hem-de Senagat, Demir ýol we Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrlikleriniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, «Türkmenhowaýollary» gullugynyň onuň garamagyna berilýändigini, olar degişlilikde ministrligiň «Türkmensenagat», “Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri diýlip atlandyrylmagy barada karara gol çekdi.

   Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrligi bahalary we nyrhlary emele getirmek, ulag akymlaryny guramak babatda döwlet syýasatyny kesgitlär. Şeýle hem ol dürli halkara guramalarda döwletimize wekilçilik eder.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 2019. ÄHLI HAKLAR GORALAN.