Hyzmatlaryň gerimi giňeýär


Hyzmatlaryň gerimi giňeýär

       Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasy täze hyzmatlaryny ýola goýdy. www.turkmenpost.gov.tm resmi internet sahypasynda online görnüşde çapar çagyryp, hatlary we ýollanmalary ýurdumyzyň islendik çägine, şeýle hem dünýäniň 190-na golaý döwletlerine gysga wagtda iberip bilersiňiz. “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň internet sahypasynda elektron söwda edip nagt däl görnüşde töleg etmek, şeýle hem eden söwdaňyzy salgyňyza eltip bermek hyzmaty ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2019. ÄHLI HAKLAR GORALAN.