Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi


 Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

     Siziň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyňyz netijesinde häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýy, mertebesi, şan-şöhraty tutuş älemde belende galýar. Siziň başlangyçlaryňyzyň esasynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, ýurduň içki toplumlarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi döwrebaplaşdyrylyp, hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar we gerimi giňeldilýär. Bu bolsa halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagynda möhüm wezipä eýedir.

     Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabatda däp boýunça geçirilýän Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň halkara aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegi, dünýä döwletleriniň özara peýdaly hyzmatdaş­ly­gyny mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin uly täsiri bardyr. Köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyklar dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny üpjün edýär.

     Ýokary guramaçylykly we netijeli geçirilen Halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylar bolan biz, Siziň iberen Gutlagyňyz, hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin sagbolsun aýdyp, bu dabaraly çäräniň üstünlikli geçmegi üçin beren goldawyňyza we döreden uly mümkinçilikleriňize hoşal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýäris.

     Siziň ýolbaşçylygyňyzda häzirki döwürde aragatnaşyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu gün bolsa dünýäniň birnäçe döwletlerinden gelen kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezilip, umumy gyzyklanmalara laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolup durýar.

     Serginiň we maslahatyň geçýän döwründe biz türkmen halkynyň açyk göwünliligine, myhmansöýerligine, şeýle hem döwletleriň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin okgunly herekete eýe bolýandygyna doly göz ýetirdik. Ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň özboluşly gözelligi göwnümizi heýjana getirip, milli binagärçilik keşbi, gülzarlyga bürenip oturan bagy-bossanlygy, myhmansöýerligi bilen Aziýanyň merjenine öwrülýändiginiň şaýady bolduk. Aşgabadyň gözelliginden lezzet almaga, şonuň bilen birlikde şeýle ajaýyp halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga mümkinçilik döredip berendigiňiz üçin Size ýene bir ýola hoşallygymyzy bildirýäris.

     Türkmenistanyň belent mertebeli Prezidenti!

     Biz Aşgabatda bolan günlerimizde Siziň yglan eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öňdengörüjilikli, adyl hem ynsanperwer syýasatyňyzyň üstünlikli durmuşa geçýändigine anyk göz ýetirdik. Siziň umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasatlaryňyzyň esasy maksadynyň ýurduň ykdysady­ýetiniň çalt depginde ösmegine, türkmen halkynyň durmuşynyň, hal-ýagda­ýy­nyň ýokarlanmagyna, olaryň asudaly­gynyň abadançylykda saklanmagyna, dünýä halklary bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdüril­megine, türkmen medeniýetiniň we taryhynyň arşa galdyrylmagyna gönükdirilendiginiň şaýady bolmak kalbyňda buýsanç we guwanç duýgusyny oýarýar.

     Siziň ajaýyp başlangyçlaryňyz, maksada okgunly, parasatly işleriňiz Türkmenistanyň aragatna­şyk pudagynda täze çözgütleri, möhüm halkara taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan aragatnaşyk ulgamy boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasyna goşuldy. Türkmenistanyň her bir raýaty hödürlenilýän giň we elýeterli hyzmatlardan peýdalanýar.

     Siziň nygtaýşyňyz ýaly, häzirki ylmy-tehniki ösüş eýýamyndaky şertlerde telekommunikasiýa ulgamynyň her bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanda pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ugurdaş düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyryl­magyna, dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine uly üns berilýär. Ählumumy maglumat giňişligine işjeň goşulmak maksady bilen yzygiderli çäreler amala aşyrylýar.

     Halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde aragatnaşyk pudagyny ösdürmek barada gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gepleşikleri ýola goýmak hakynda derwaýys meselelere seredildi. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlary, aragatnaşyk boýunça hünärmenler döredilen oňaýly şertleri, mümkinçilikleri göz öňünde tutmak bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary baradaky meseleleriň anyk çözgütleri kesgitlenildi. Geljekde türkmen işewürleriniň we daşary ýurt hünärmenleriniň özara düşünişmek ýörelgelerine daýanmak arkaly aragatnaşyk ulgamynda halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirjekdiklerine berk ynanýarys.

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti!

     Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaý­radyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara serginiň we ylmy maslaha­tyň guramaçylykly, ýokary derejede geçmegi üçin uly mümkinçilikleri we ähli zerur şertleri döredendi­giňize, bize bildiren uly ynamyňyza, belent myhmansö­ýerligiňize ýene bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Myhmansöýer, hoşniýetli, güler ýüzli, dosta wepaly türkmen halkyna bolsa agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, bagtyýar durmuşyň hemişe ýar bolmagyny dileg edýäris!

     Biz Size Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýadawsyz alyp barýan umumadamzat bähbitli işleriňizde, pa­ra­sat­ly, yh­las­ly, tutan­ýer­li zäh­me­ti­ňizde uly üstünlikleriň ýar, janyňyzyň sag bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

     Sizi çuňňur hormatlamak we uly sarpa goýmak bilen,

     «Türkmentel2018» atly XI  halkara
     serg
ä we ylmy maslahata gatnaşyjylar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2018. ÄHLI HAKLAR GORALAN.