Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty


        Şu gün 2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel - 2018” atly XI halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar. Däp boýunça her ýylda geçirilýän «Türkmentel-2018» halkara forumynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.  Ady agzalan sergä telekommunikasiýa bazarynda bar bolan we bu ugurda gyzyklanma bildirýän kompaniýalary öz täze tehnologiýalary bilen hem gatnaşýar. Ylmy maslahatda bolsa, ýurdumyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, pudagyň ösüşiniň möhüm meselelerine we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, jemgyýet üçin möhüm bolan Internet hyzmatynyň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň uly mümkinçilikleri agzalyp geçiler.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2018. ÄHLI HAKLAR GORALAN.