Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji mejlisi we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki 24-nji mejlisi


     Şu gün 2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji mejlisi we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki   24-nji mejlisi öz işine başlady. Ady agzalan mejlise Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyzgyzystan Respunlikasyndan,  Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan,  Özbegistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikadan, Latwiýa Respublikasyndan, Litwa Respublikasyndan, Sloweniýa Respublikasyndan, Nigeriýadan, Burkina – Fasodan dürli derejedäki ýolbaşçylar we hünärmenler gatnaşýar.

     Bu halkara Maslahatyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň aragatnaşyk administrasiýalarynyň Halkara Elektoaragatnaşyk birleşmesiniň 18-nji doly ygtyýarly maslahatyna taýýarlyk işlerini görmek şeýle hem aragatnaşyk boýunça maglumat jemgyýetiniň ösüşi bilen bagly meselelere garalar. Şeýle-de geçiriljek geňeşiň dowamynda Halkara Elektoaragatnaşyk birleşmesiniň ýolbaşçy düzümi hem saýlanar.

     Geňeşde GDA-nyň hem-de beýleki synçy döwletleriň aragatnaşygy dolandyryş edaralarynyň özara utgaşdyryş hem-de bazar gatnaşyklarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýöretmek, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak barada tejribe alyşmak, aragatnaşyk boýunça halkara guramalarynda kabul edilýän köptaraplaýyn ylalaşyklarda Arkalaşyga girýän döwletleriň bähbitlerini goramak, Halkara Elektroaragatnaşyk birleşmesi tarapyndan geçirilýän Radioaragatnaşyk boýunça Bütindünýä konferensiýasynyň mejlislerine taýýarlyk işlerini görmek ýaly birnäçe wajyp meselelere serediler.

     Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygyň Administrasiýalarynyň Ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji mejlisiniň we GDA agza döwletleriň Informatizasiýa boýunça koordinasion geňeşiniň 24-nji bilelikdäki mejlisiniň guramaçylykly geçmegi bilen bagly döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2018. ÄHLI HAKLAR GORALAN.