“Aşgabat şäher Telefon Ulgamy” ÝGPJ-nyň täze mümkinçilikleri


        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, aragatnaşyk pudagynda hem önümçilik-hyzmat ediş kärhanalary döwrebaplaşdyryldy, tehniki we tehnologiki taýdan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik infrastrukturasynyň berk binýady döredildi. Bu giň gerimli işleriň geçirilmeginiň netijesinde, Türkmenistan aragatnaşyk babatynda dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna ynamly goşuldy.

        Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine degişli bolan “Aşgabat şäher Telefon Ulgamy” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aragatnaşygyň dürli görnüşli hyzmatlaryny ýurdumyzyň ilatyna hödürleýär, olardan simli telefon hyzmaty, CDMA ETS 450 D telefon hyzmaty, IP-Telewideniýe hyzmaty we Internet hyzmatlary bolup durýar.

        Ilatymyzyň bu hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak, pudagymyzyň maddy binýadyny artdyrmak, hyzmatlary dolandyrmagy häzirki zamanyň ülňelerine laýyklykda hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen “Aşgabat şäher Telefon Ulgamy” ÝGPJ müşderiler tarapyndan http://agts.tv öz resmi web-sahypanyň üsti bilen öz peýdalanýan aragatnaşyk hyzmatynyny onlaýn görnüşde gözegçilik etmek we dolandyrmak mümkinçiligi hödürlenýär.

        ÝGPJ-niň internet saýty özgerdilmegi bilen, onuň içinde birnäçe hyzmatlar test görnüşinde hödürlenýär we golaý wagtynda olar artdyrylyp, doly işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

        Web-sahypada ulanyjylara “şahsy otagy” hyzmaty peýdalanyp, müşderiler tarapyndan dürli görnüşli amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilikler döredilen.

        Şahsy otagyna girmek bilen müşderiniň simli telefon, IP-Telewideniýe we Internet hyzmatlary nyrhnamalaryny, degişli şertnamasyny we hasabyny barlap, goşmaça hyzmatlary birikdirmek, nyrhnamany çalşmak ýa-da hasaby doldurmagy onlaýn görnüşinde amala aşyryp hem bolýar. Bu bolsa müşderä aragatnaşyk hyzmatlaryny islendik ýerden dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2018. ÄHLI HAKLAR GORALAN.